Barmak meselesi
Saňa barmagyny çommaldyp kimse,
sylamagy öwretmesin kimsäni,
öwretmesin ýigrenmegi yzgytsyz,
ýa mysapyr, içe girip, sümsünip,
agaň bolsun, iniň bolsun, parhy ýok,
döwlet bolsun, TW, gazet-žurnally,
gapy depip, girjek bolsa beýniňe,
ýüregiňi aljak bolsa gorkuzyp,
wehim bolup, çekinmeli hemişe,
ýokdur saňa hiç eýgilik dünýäde,
bellenseň-de haýsy işe.