Ýaradanyň beren ykbaly

Boýun alýan, ozal, alla,
ildeşime, watandaşa kyn günde
kömek golun uzatmakdan gorkaryn,
çekinerin diýip etmändim pikir,
elimden gelýärkä, gelýärkä dilden,
ýa bitýärkä pula, teňňä,
kömek etsem urar diýip arkamdan,
ýa ýüzüme, edil öňküler ýaly,
howatyr edýärin indi, ýaradan,
berdiň maňa şeýle agyr ykbaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024