"Bolýa" meselesi
Bu olaryň günäsi däl,
talasalar ulus ili,
depesinden aşak basyp,
saklasalar gyrnak ýaly,
öldürseler baş göterseň,
töhmet atyp, türmä basyp,
ýa-da dykyp dälihana,
bosgun edip ýa illerde,
dymdyrsalar, susdursalar,
günäkär däl ýokarkylar,
aşakda il günäkärdir,
biri-birin goramaýan
ýykylany soramaýan,
uly, kiçi, aýal, erkek,
günäkär gözleme başga,
"bolýa” diýip, berseň erkiň.