Hapalanan halk
Halk özüni hapalaýar,
deňiz ýaly, derýa ýaly,
hapa taşlap öz-özüne,
biri-birniň elin basyp,
kül diýip, ojar közüne,
türmä itýär bir-birini,
çekýär nire bolsa erbet,
gelmejege salyp hile,
bir-birine öwredýär ol,
aşak işi, peslikleri,
sowýar bolsa, dogry ýoldan
ýykýar nirde egri ýola,
çilim berýär, nas berýär ol,
arak berýär oglanlykdan,
berýär tirýek, geroin soň,
hiç aýaman, bir-birege,
goý, gitjekler gitmesinler,
ýa ýaraman hiç derege,
galsyn orta ýolda çöküp,
birden adam bolup nadan,
beýgelmesin beýge böküp,
düşsün aşak pelle-pelle,
okamasyn, oýlanmasyn,
diňlemesin gerek sözi,
aňlamasyn derman sazy,
goý, ikilik etsin ile,
hem özüne, gaýgyrmasyn,
dili kelte bolsun mydam,
dolanmasyn yzyna hiç,
toba edip ir ýa-da giç,
hem hemişe bolsun elde,
çeker ýaly nogtasyndan,
gaty gitjek bolsa çala,
halk özüni hapalaýar,
dilde bolan bolup halal,
alym-berim, ýalan kada,
dogry sözli ýok obada,
başyn atyp ýalana kän,
abat adam goýjak däl ol,
döwüp-ýenjip ýekän-ýekän.