Nasistbaşy
Öz nasisti bolsa, bal ýaly kişiň,
ýurt içinde ýa daşynda, parhy ýok,
pul dökýär, gül dökýär ýoluna boldan,
goraýar, gutarýar arwahdan, aldan,
emma başga bolsa pikiri, oýy,
çykjak bolsa çygly, gara gowakdan,
nesip etsin diýip özüne toýy,
nasist ýa neşekeş, terrorçy, haýyn,
ýok etmeli bolýar ertire goýman,
ýöne birden degdi paltasy daşa,
şeýle bolýar ahyr kän iýseň doýman.