Hudaýyň säwligi
O gün diýdi o birisi,
bu gün diýdi bu birisi,
enem-atam ölmäwersin,
hüjüm edýär dogan-gardaş,
alajym ýok, ýanýan daşdan,
ýollar ýapyk, aralyk daş.
Onlarça ýyl gulak etim
guratdylar, başga işi
ýok milletiň ýa ýüreksiz,
garyndaşlar, goňşy-golam,
çala tanyş ýa nätanyş,
gürrüň etjek ýanan bolup,
gurgun bolsaň, ýüzi solup.
O biriniň ogly daşda,
bu biriniň gyzy daşda,
gelni daşda beýlekiniň,
gep gözleýär yzda galan,
dertsiz, belki, ala-böle,
dilden ozal ýagşy niýet,
ýürek eçil, alla, ile.