Kirli komitet

Hapa aýak, hapa elli,
hapa ýürek bilen gelip,
dökse öýüň gyzyl-dörjük,
kitaplaryň waraklasa,
elek-çelek edip gözün,
aýtsaň, diýseň, düşünmese
manysyna ýeke sözüň,
ýöne yza gaýdyp bilmän,
düzüw bolsaň bozuk ilde,
buýruk berlen, aýdyp bilmän,
hemem salyp bilmän ýola,
beýlekiler ýaly, aňsat,
urunar kän saga, sola,
dykmak üçin türmesine,
biler ýaly açlyk näme,
ýa-da näme kiçeldilme,
kemsitmeler itden beter,
ýüz ýyl bäri tanansoň il,
kirli görse, edýär heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024