Milli talap
Bu döwletiň, hökümetiň talaby,
sen özüňi günäkär et, garala,
ýazgar, nälet oka kamera bakyp,
özüňden öň mertebäňi ýarala,
sebäbi o biri isleýär şeýle,
diýip bolmaz oňa eýle ýa beýle,
gözýetimi ýa-da beýni-başy dar,
gören zady ýok-da, gün bolup öýle,
ýokarda bolmaly ýokarky mydam,
sen bir bende, a ol bilýäň, hökümdar,
derňewçiler delil gözläp, agtaryp,
wagtyny, sagadyn ýitirmesinler,
subut etjek bolup etmedik işiň,
diýmedik sözleriň diýdirjek bolup,
urmasynlar teniň gökdalak edip,
agzyň, burnuň ýa-da döwülip dişiň,
gowy däl eşitse, ýakyn-ýat üýşüp,
gürrüňiň etseler gynanan bolup,
aýa sen özüňi, döwletiň güýjün,
diý-de gutul men ýalňyşdym, men galak,
döwlet kämil, döwlet äri okuwly,
heýem diplom alan bolarmy galat,
ýa bimamla, orden, medally döşi,
diňe özüň garalama, ýazgarma,
görkezme ber garşysyna dünýäniň,
başga-başga yklymlaryň, soralsa,
ýakyn adamlaryň nämemiş seniň,
durar baky döwlet şeýdip goralsa.