Palak han

Uly, kiçi, ýurdy liderler ýykar,
garamaýak ýykmaz gurlan döwleti,
içinden ýykarlar, daşdan ýykmazlar,
özüne ýük bolup päli, niýeti.

Şahyr ýa žurnalist tozdurmaz ili,
ýa derwüşler talamazlar ülkäni,
daýhan ýykmaz, işçi ýykmaz, tersine,
saklajak bor gum sowuryp başyndan,
däli ýaly, tentek ýaly daşyndan,
bütin ömrün işläp geçirer maldar,
çopan-çoluk ýykmaz ýurdy, watany,
lider ýykar ilki öz-özün aldan.

Ogry-jümri, ownuk-uşak, neşekeş,
arak içen ýykmaz, ýykmaz lolular,
begler ýykar, ata çykan, ülkäni,
özi ýaly göýdük ýygnap daşyna,
il gözüne bezäp boşan dükany,
ýykylmakdan gorkup, ýatman gijeler,
uly, kiçi ýurdy ýumurar palak,
şagala şam bolar horaz, jüýjeler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024