Tutulmadyk bendi

Haýpyň gelýän bolsa iliňe sähel,
öldürmegi arzuw etme hiç haçan,
prokuror bolma, ýa bolma kazy,
bellemese hökümet ýa hökümdar,
ýa ozal öýüňde, obaňda azyp,
hukuk diplomyny satyn almasaň,
wezipe almasaň, golsuz hat ýazyp,
ýa ýok etjek bolma edeniň heder,
ölüm jezasyny dikeldip, ozup,
jübi parlamenti, bilýärsiň, eder,
ýaşulular, ýaşkiçiler, tanaýaň,
sala salsaň asmalymy, atmaly,
ýa-da ýakyp öldürmeli adamy,
gygyrarlar gygyr diýen zadyňy...

Bu gürrüňler nire, kanunçy bolsaň,
adam bolsaň adam ýaly ýaşaýan,
ýa açgözlük, kine, gahar, kemsinme
etjegini edip, ýok etdi sende,
ýa ozalam bolmadymy hiç ynsan,
adama gynanjak ýüregiň, bende?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024