Dogmadyk han
Dil çykmadyk çagajygam, synlasaň,
düşünsün ýa düşünmesin sözüňe,
aýdýarsyňmy aýdýan zadyň ýürekden,
aňjak bolup, siňe bakýar gözüňe,
niýetiňi, päliň okamak üçin,
bilmek üçin oýnaýarmyň, çagajyk
düşünmez-le diýip, bilmez-le diýip,
ýüzüňe enäniň ýüzüni geýip,
ýüzüňe atanyň ýüzüni geýip,
ýa-da geýip ýüzün ýalňyz uýanyň,
dil çykmadyk çagajygam aňlaýar,
tapawudyn peýda bilen zyýanyň.
A sen öňe çykyp, uly adamy,
saç-sakgaly düşen ýa-da çalaran,
özüňki däl, ogurlanan sözleri,
sözlemleri bulam-bujar gaýtalap,
nakyl aýdyp, akyl satyp günaşa,
sözüň azatlygy, adam hukugy,
kanun-kada, saýlaw diýip, hamala,
görünmeýän ýaly içi ynsanyň,
oýnan bolýaň açyk ýerleriň görmän,
roluna girip dogmadyk hanyň.