Iň soňky halasgär
Ýa žurnalist, ýa ýazyjy, ýa şahyr,
ol ülkede biri, ýarymy-da ýok,
adam ýok aslynda, gutardy pahyr,
tapylmaýar çyra alyp gözleseň,
gijeler däl, gündizine ýekesi,
gönüsini aýdyp, göni sözleseň,
ýüzün sallap, ýomudy hem tekesi,
utanjyndan aşak, aşak seredýär,
aga-gara sähel düşünýän bolsa,
düşünmeýän goh-galmagal, şer edýär,
ýöne biri, iş adamy, elbetde,
bolşewikden, kommunistden gutulan,
demokrat bolan bolan azajyk,
alyp bolýan ýerden hakyny alan,
a soňundan gaçan wagtynda çykyp,
aýdylan öň, duran hökman tutular,
indi Pikir baba, döşüne kakyp,
ahyrynda guşady bek bilini,
dilli bolsa, dilin çekip ýeňseden,
garaş, ertir halas eder ilini.