Güň oýny

Düşündirjek bolma özüňi kimsä,
gözi bardyr her adamyň görmäge,
gulagy bar eşitmäge, diňlese,
düşünse ýa düşünmese, öz işi,
öz islegi, adamlaryň meýline,
niýetine buýruk berip bilmersiň,
buýruk beren döwlet tapar pälinden,
ýykylar ol gözden düşüp ahyry,
görüp dursuň näme bolýar, bolmaýar,
baýrak berip, ýasap bolmaz şahyry,
ýazyjyny, žurnalisti, ýene kim,
düşündirjek bolma sözüňi halka,
biler iller biljek bolsa ene kim,
atasy ýa babasy kim pikiriň,
islemedik bilmez, bilmedik bolar,
güňi oýnap, gülki eder zikiriň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024