Geň galmaly geňlik

Bu nähili beýle boldy diýýärler,
geň galýarlar, geň galmaly, eý, aman.
Biziň üçin täzelik ýok, bilýäris,
o birleri oturmaly ýokarda,
beýlekiler garadonly bolmaly,
urulmaly, ýenjilmeli asyrlap,
günäli diýseler, boýun almaly,
ýyl almaly, eger puluň bolmasa,
soň oturyp, bagtyň çüwse, ölmeseň,
ölmek üçin öýe gaýdyp gelmeli,
hem dymmaly gören görgüleň hakda,
hiç kim seni gynamady, urmady,
aç-hor saklap, gürleşmedi hemleli,
hiç görmediň ölen-ýiten zyndanda,
ýa janyna kast edeni çydaman,
yssy, sowuk, kesel kesip bir ýandan,
geň galýarlar, goşun çekse çar ýana,
ozal öz ilini basgylan handan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024