Garaşma
Sen garaşma millioner,
milliarder bolan ärler,
ýurdy talap, ili talap,
ýa şärikler olar bilen,
iş edýänler bile içde,
daşarlarda, açyk, ýapyk,
okar diýip adam hakda,
ýa ezilýän iller hakda,
türme hakda ýazsaň tapyp,
sen garaşma doýan aşa,
ekýäni-de görer diýip,
ýa boşadar daňan daşa,
dikenleri, aşyn iýip.