Çykalga

Türküň TW-sine dönende durmuş,
nusga alyp ata çykan ýalandan,
çorbanyň çorbasy, ýuwundy, uruş,
dawa bolsa gözleýäni milletiň,
ne özüne, ne-de özgä wagty bar,
çukur bolsa, bökse içine günde,
ogry tapsa, ogurlatsa ömrüni,
eltip berip, dolap gowja kagyza,
ak gar diýip, adyn tutma aklygyň,
ýa-da ýanyp, garaköýük bolany,
kömür diýip utandyrma, aýak çek,
diliňi çek iň esasy adamdan,
unudyp ýa özüň bilmedik bolup,
kim bolanyň, kimdigiňi şu halat,
ýa-da ertir kim boljagyň, belli däl,
belki sussaň, biraz azalar galat.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024