Surat

Poslan orda

Beýik satirigi diňledim ol gün,
uly dogan, uly ýurduň ozany,
basyp alan ýeri, ezeni çäksiz,
güýjüne ynanýan döwleti bardy,
guwanýardy ösen, ýaragy gurat,
ýagy çozsa diýip, diräre ardyn,
emma özi ýagy bolan özüne,
çäji däl-de, harpyk guýup gözüne,
gaçypdyr ýurdundan, gapysyn açyp,
gel diýende türme, sylajagy ýok,
ozal oňa degişli däl, başgalar
doldurmaly, bezemeli içini,
indi daşdan akyl satýar, görkezýär,
görmeýäne öňündäki göçüni.

Beýik satirigi diňledim o gün,
ýazyjysy ýüz milýonly ülkäniň,
ýadro ýaragly, buýsanjy, belki,
yzynda galany gorkuzýar ýaman,
mysal alyp gara guma gabalan,
tireleri, dünýä edilen gülki,
şolar ýaly bolarsyňyz diýýär ol,
wah, ösendi, beýgelýärdi ýurdy-da,
indi dünýä wehim salýar däliräp,
çykyp bilmän galyp poslan ordada.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024