Içdäki gorky
Meniň indi o millete, ol ile,
aýdara hiç sözüm galmadyk ýaly,
çünki ozal tanaýardym, bilýärdim,
baryşýardym, gelişýärdim, aýdaly,
ynanýardym gülenine ýürekden,
aglasalar, gynanýardym, elbetde,
düşünýärdim ýylgyrsalar ýalandan,
ýa-da çekilseler yza utanyp,
deň bolmajak bolup deňsiz gelende,
goly bagly güzeranyň elinde,
ýesir bolup uzak galanda dilsiz,
gerek bolsa her gün paltalap derek,
çagalar bar diýip, iýmeli çörek,
öz-özün ýykýanyň biridim, aman,
elimde galamym, belki, çydaman,
bir zatlary ýazjak, çyrşajak boldy,
emma indi hiç aýdara sözüm ýok,
galamdan öň, gorkýan, göwnüm döwüldi.