Gurjakçynyň ykbaly
Basyp alan tapdy ahyr,
hudaýyndan diýsem ýalan,
ýalançydan, daşyn gallan,
gurjaklardan, gurjak ýasap,
ogrulardan iş şärigi,
bar bolarly, belki, hasap,
tapdy ahyr öz-özünden,
ýüzde-gözden, ýakyn hem ýat,
ýerde goýman öwenlerden,
a soň gurjak bolup bilmän,
ar-namysyn söýenlerden,
başyn goýup ýurdy üçin,
gel, ýaryşsaň diýenlerden.
Basyp alan tapdy ahyr,
hudaýyndan diýsem galat,
ikiden üç sözi ýalan,
gözün gapyp uruş, talaň,
tapdy ahyr baş gurjakçy,
garşysynda dik durjagy,
gülen bolup, ýasap gurjak,
boldy ahyr öz gurjagy.