Çörek indeksi
Saçagy bar ol obanyň owadan,
emma içi alada oň, arçynlar
ýer bermeýär, suw bermeýär ekjege,
o bolanok, bu bolanok, ýokardan
aýlyk töläp tans etjege, bökjege,
ýa durjaga elin çarpyp ýüz ýyllap,
ulus ili galdyrdylar pyýada,
atly boldy mydam un bilen galla.