Bilýän halk
Olaryň atasy bilýärdi gowy,
olaryň babasy bilýärdi gowy,
eneleri, mamalary bilýärdi,
ejeleri, kakalary bilýärdi,
bilýärdiler agalary, daýylar,
daýzalary, çykanlary, dolanan,
eli ganly hökümetiň, gürleseň,
pikir etseň başgarajyk, batyrgaý,
nirelerden çykarýanyn, alýanyn
allaň beren amanadyn, soraman,
şondan bary sessiz soraşyp aman,
dyza çöküp ýaşaýardy, adam däl,
adam bolan bolup, ýylgyryp ýalan,
iki-ýeke sözün diýse, goraman,
gaçýardylar gyrgy gören mysaly,
indi başga döwür, ýüzüň görkezmän,
hakykat dek, daşyn dolap hyýaly,
arzan, gymmat satyp bolýar, alsalar,
olaryň barysy bilýär, garaşýar,
arzuw edip, beýlekiler galsalar.