No comment
Satira-da öljek, gutarjak eken,
syýsatçy samsyk bolsa çen-çakdan,
alla, saňa hiç bir sözüm galmady,
kem etmediň içim gyrýan akmakdan.
Belki, muňa mynasyp biz, bisowat,
galak diýip kemsinerdim ýaşlykda,
emma indi görüp basyp alany,
tyrpanymyz bilip galdym başlykda,
liderlerde, çykýan gan bilen depä,
saýlaýan ýok goňşusyny doglanda,
näme diýjek tankly topulýan şepä?