Güýçli ejizler
Görmez arkasy güýçli. Nakyl
Ýok, görmedim, eşitmedim, bilmedim,
ýadyma, oýuma düşmedi meniň,
aňlamadym, düşünmedim ýokarda,
ýa aşakda näme bolýar, bolmaýar,
diýen bolar adam, görüp dursa-da,
görmedikden bolup ýaşamak gowy,
ikiýüzli, gulaklary jam ýaly,
eşitmesiz zady eşider mydam,
eşitmedik bolar çagyrsaň ýyllap,
ýa bilmedik bilmelini hiç haçan,
akyllydyr, köp bilýändir, gürleme,
aýtjak sözüň alyp gaçar.