Ýalan çynçy

Adam bardyr, pikir bardyr,
başga-başga bolar olar,
düşünjeler, garaýyşlar,
çapraz geler olar, bular
başga gözden bakar dünýä,
ýöne zalym, basyp alan,
basyp aljak ýene bolsa,
tükeniksiz ezjek mydam,
bolan bolup uly tire,
uly taýpa, gorpa itse,
ýaragsyzy, güýji ýetse,
ata-baba, kesbi-käri
öldürýärkä çagalary,
öldürýärkä aýallary,
öldürýärkä garrylary,
goý, pikiriň näme bolsun,
ýüregiňi diňlemeseň,
eşitmeseň agysyny
ezilýäniň, urulýanyň,
öňkiň ýaly stalinçi,
ýa leninçi, ýakyp bişen,
san-sajaksyz gazyp düşen
bolup galsaň ýalan çynçy,
başga däl sen, biri, belki,
köpçüligiň çärä üýşen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024