Halk we güň
Sen adamy getirmersiň göreşe,
çagyryp-da, bagyryp-da daşardan,
özi üçin, ary-namysy üçin,
maşgalasy üçin aç galan, ölen,
ezijiler getir ony getirse,
talaňçylar, ýalançylar, bihaýa,
getirerler ili darkaşa hökman,
çüýremedik bolsa içinden bary,
sen adamy pul berip ýa mal berip,
galdyrmarsyň heňläp ýatan ýerinden,
oýatmarsyň uklan bolýan milleti,
özi turar, belki, ezilse soňsuz,
çalyp tutmak üçin ýakadan, ýeňden,
sen adama akyl berme ýeňseden,
ýa görelde bolma öňürdip, öňden,
oň özi galkynar galkynsa bir gün,
ýa medet ýene bir eziji güňden.