Pahyr ýazyjy
Ol pahyryň ildeşleri, ýaragly,
goňşy ýurduň çagalaryn öldürýär,
dowam edip ata-baba däplerin,
özi ýaly gul bolany güldürýär,
niresinde bolsa yklymyň baryp,
erkin adam bolmaly däl jahanda,
emma muny aýdyp bolmaz dahanda,
ýazyjy ol, üstesine satirik,
utanmaly, namys işi bu indi,
dünýe görýär kimiň göwni nämede,
nirede ýüregi, sözleri perde,
uýalýar ol, boýun alýar köp zady,
bu gowy däl ýurdy üçin, elbetde,
hemem özi üçin, ady, şöhrady
gowy görýär diňleseler, gülseler,
akylly, paýhasly saýsalar özün,
ýöne ejizleýär, sebäbi beýik,
uly dogan bolup ýaşansoň uzak,
goýbermeýär içden, çekýär dyngysyz
özi bilen aşak milletçi duzak,
netije, çydaman alýarka boýun,
aýyplaryn döwletiniň, iliniň,
jabjynýar ol, öň ýaragsyz gyrylan,
ganyna gark bolan ili görkezip,
çagasyn, namysyn gorany üçin,
diýýär şolar ýaly çüýräris indi,
o pahyryň diňe döwletiniň däl,
özüniň-de päl-niýeti göründi.