Ekspert krizisi
Gülen bolardylar gelip, janygyp,
düşündirjek bolsaň nämeler bolýar,
nähili işleýär döwlet maşyny,
KGB-niň ýagy bilen ýaglanan,
ýa adamlar nädip döwülýär soňsuz,
Aşgabatda, Moskowada, öňki deý,
hünärmenler, gowy okan mekdepde,
pagta ýygman, ýa ot ýygman malyna,
ýalan, gowy ýylgyrmagy öwrenen,
düşünýänden bolup alyň alyna,
dile çeper, delilleri aňyrdan,
emma durmuş näme, bilmejek entek,
göreş näme, görülmejek äýnekli,
bolsa bolsun näçe gymmat, owadan,
gülen bolardylar, dogry, şäherli,
a sen gelen uzak, gumly obadan.