Baş günäkär
Eg başyňy aşak, aşak,
depä çykjak kösenmesin,
saç-sakgalyň ýuw hem dara,
der ysyndan üýşenmesin,
atyr-matyr sepin gowy,
hoşal bolsun başa çykan,
hem ýüzüne gülüp gara,
elleriňi tut aşakda,
üzeňňi et aýagyna,
eger aşak düşjek bolsa,
münjek bolsa soň yzyna,
arkaňy tut taýagyna,
eger birden urjak bolsa,
hem agyra çydajak bol,
galyň pagta güpbi geýip,
soň hudaýy ýazgar içden:
"Nätdiň meni, alla?” diýip.