Tobasyz

Начать надо с осознания кошмара, который мы принесли миру. Выход может быть только через массовое национальное покаяние. Виктор Шендерович

Zalym bolsaň, isläniňi aýdarlar,
gol-aýagy, aňy bagly ýesirler,
kellesine dirän niliňe girip,
aňyrsyndan diri çykmak umydy,
ömür mydam garaşly däl çyn söze,
saýgarmarsyň öňüňdäki çukury,
islemeseň, hatda dürtülse göze,
peýdasy ýok hiç bilimiň, sowadyň,
ýüregiň, niýetiň düzüw bolmasa,
düzelmedik bolsaň asyrlap, belki,
basyp alyp, urup, gyryp galany,
gara güýjüň aşagynda galdyrap;
namart bolsaň, isläniňi aýdarlar,
eşitmersiň hakykaty bir gram,
a eşitseň, aýdan agzy näletläp,
tobasyzyň torbasyny zor bilen,
geýdirersiň geplejegiň başyna,
begenersiň dikeleni entetseň,
bogup bilseň çagasynyň ýaşyna,
gygyrarsyň üstesine bihaýa,
eger bolsa, inkär edip barlygy,
gömük bolsaň, kime näme diýmersiň,
hem dakmarsyň kime haýsy ýarlygy?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024