Basyp alan
Basyp alan basyp aldyň diýdirmez,
iýdirmez ol iýjegiňi, zäherlär,
gözel ýurduň dowzah edip geýdirer,
gara gije, ýa daň atsa, säherler,
turmalymy, durmalymy, bilmersiň,
aýaklaryň diýen etmez gitmäge,
a elleriň ýarag tutmaz, ölmersiň,
uýdurar ol öz dinine, kim bolsa,
şonuň ýaly bolmalysyň, bolmaly,
hemem ondan aşak bolup galmaly,
beýik diýip diline oň, bil, bilme,
beýik diýip dinine oň, öl, ölme,
taryhyny öwrenmeli jikme-jik,
ýalanyna ýalan diýmän hiç haçan,
taryhyňy ýazyp berse başgaça,
ýere sokup ata-babaň aç-açan,
öýüňde, mekdepde dymmaly agyr,
basyp alan basyp aldyň diýdirmez,
günde basyp eder ýagyr.