Huşumdaky düýş

O birisi, iki ýyllyk gahryman,
goldawymyz uly diýýär, eý, aman,
öz-özüni goldamaýan milletde,
öz ogluny goldamaýan milletde,
öz gyzyny goldamaýan milletde,
öz gelnini goldamaýan, bigüman,
goldamaýan agtygyny, çowlugyn,
dogan-gardaş, arkadaşy goýaly,
goňşy-golam, ildeş ýa-da tiredeş,
tiredeş däl, hemmejesi keseki,
wezipesi ýa-da puly bolmasa,
emma emel ýeten hudaýdan uly,
sakgally, sakgalsyz ýagdaýyň guly,
gel diýilse, çärä barýan howlugyp,
aýlygyndan kesiljek däl işleýän,
ölmez-ödi, emma gerek deregi
paltalaýar ýyllar boýy, bermeli,
her aý näçe ber diýseler, eçilýär,
garaşsyzlyk garaşsyzlyk bolmady,
syrat boldy, para berip geçilýär,
ýa bolmasa, başyň alyp gaçmaly,
hem dymmaly ýat ülkede, yzymda
galanlary dalar diýip hökümet,
ýa kemsider dili uzyn ildeşler,
goldawymyz uly diýýär o biri,
a men diýýän durmuş ýalanmy, düýşmi?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024