Dünýä we sen

Öwren ozal sylamagy dünýäni,
ýalançy-da diýme, çynçy-da diýme,
kabul et-de boluşy dek, adamlar,
haýwanlar ýaşaýar, ölýärler onda,
näme diýse, dymsa barýarka geçip,
ýer gögerýär ýaz gelende, bilýärsiň,
a soň güller solýar tohumyn seçip,
sen bir tohum, tohum goýup gitmeli,
dowamyň isleseň, özüň seýisläp,
ne bedeni, ne ruhy unudyp,
öwren sylamagy adamy, diýmek,
gygyrmagy, çygyrmagy öwrenme,
utandyrjak bolup, kemsitjek bolup,
pes saýsaňam, belki, deňine düşmän,
ýigren, dogry, peslik çende durmasa,
ýöne pesi, bimessebi ýigrenme,
şemal bilen öwsüp duran çar ýana,
wagtyňy ýitirme wagta degmeze,
hapalama agzyň, göwnüň, ýüregiň,
öwredip bilmeseň, yryp bilmeseň,
diňledip bilmeseň sözüňi kişä,
özüň diňle, özüň düzet, ýagşylyk
iň ozaly zerur seniň özüňe,
hem gowulyk, belki, erbetler üçin,
öwren ozal sylamagy özüňi,
soň özgäni, günäli ýa günäsiz,
sylap bolmaz bu dünýäni gözleseň
bigünäni ýa-da hiç däli asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024