Moşennik
Oň ejesi moşennik,
muň kakasy moşennik,
o biriniň inisi,
beýlekiniň agasy,
ýegenleri moşennik,
daýylary moşennik,
näme boldy millete,
nirä geldik üýşenip?
O biriniň aýaly,
o biriniň adamsy,
ýa öňküsi moşennik,
ozal beýle däldiler,
indi ara açmaly,
eger duşsa ýol-yzda,
ters tarapa gaçmaly,
durmaly däl ýaýdanyp,
söz hasaplap sözlerin,
zeýrenmäge başlasa,
balkyldadyp gözlerin,
bäri-bärde beýniňden
çykmaz, gitmez, oturar,
hä-hawasyn ýetirseň,
aýyň, günüň batyrar.
Ýokdur olar ýanyňda,
çaknyşaňda şer bilen,
tomaşaçy kesäňden,
gülen borlar ýykylsaň,
emma ýerden turaňda,
üstüň kakyp, duraňda,
bardyr olar, tapylar,
sen, hamala, açyk dükan,
geljek, aljak gerek zadyn,
depderçäňe ýazsaň adyn,
soň ýürekde galar ýaly,
düwün bolup uly, kiçi,
hem olaryň ýok serhedi,
hala daşy, hala içi,
o moşennik, bu moşennik,
tanyş-biliş duýdurjak bor,
seresap bol, moşennikler,
bir özüne uýdurjak bor,
hem aslyşar dünýä, gitmez;
ýokdy ozal beýle ýalan,
bolar indi, ölmez, ýitmez,
ýykylmasa basyp alan!