Kömek et
Dogduk ýurdun goraýana kömek et,
goluň uzat adam dursa ýerinde,
durmaly mahaly, boýnuna alyp,
ölümini gara ganym öňünde,
ber eliňde baryň, ýoguň, gysylma,
haýsy millet bolsa bolsun, ýerini,
ýurduny goraýan adamdyr mydam,
emma bolup ýeke-ýalňyz doganyň,
ýa obadaş, ýa tiredeş, beýleki,
watanyny goramasa hiç haçan,
bolan bolsa akylly ýa edenli,
bilen bolup seni ýeňilen, gaçan,
düşünmedik bolsa wagtynda gepe,
ýöne ertir özi zyňylsa çepe,
sag tarapy basyp alyp başgalar,
öňünde dag bolsa her çykan depe,
ýa yzyny gömjek bolsa buzaw dek,
tarapdaryň bolan bolsa, ynanma,
ynanma aglasa, ýylgyrsa ýalan,
ýa gykylyk etse ýakyndan, daşdan,
ýitirme wagtyňy, sagadyň, sözüň,
dil uzadyp, nepi üçin ölene,
kömek etme adam bolsa messepsiz,
çagalaryň gözýaşyna gülene!