Kakamyň töwiri
Her nahardan ýa çaýdan soň,
kişmiş bilen içse süzüp,
hatda dilim gawundan soň,
üzümden soň iki däne,
taňrym, gora otdan, suwdan,
hemem ýakyn ýa-da ýadyň
töhmetinden diýip atam,
töwirini galdyrardy,
emma däldi din-imançy,
ynanmazdy hudaý diýip,
alla diýip gürleýäne,
nepi üçin öwsüp duran,
partbiletli, partbiletsiz,
adamlara, içden uran,
daşdan uran, çemi gelse,
düşünýärdi näme boldy,
näme geldi sowet bilen,
hem diýýärdi bilip bolmaz,
aglanmy ýa gowy gülen?