Adam we imperiýa
Imperiýa,
içi gidip ýykylan,
az gören dünýäniň alsa-da ýaryn,
ýüreginde dikip agajyn daryň,
azat etjek diýip azaşan ili,
goňşusyny, duz iýişen, ynansaň,
hakykatda küýsäp içen ganlaryn,
bolsa, yza dolap geçen günlerin,
aga boljak ýene ezip, kemsidip,
käte ýüze çalyp, käte ýeňseden,
ýygyp-ýygnap ahmyryny, aryny,
zäher edip ilki öz iýen aşyn,
belki, janhowluna galdyrdy başyn,
uruş yglan etdi özüne ilki,
hem iline, başy göçen, aýlanan,
beýik boljak başgalary basgylap,
yza galyp, boljak öňe saýlanan;
imperiýa, nebit-gazly, gutaran,
bugdaý ekýän goňşusyny ýigrenip,
topa tutup günebakar ýurduny,
dişin gyjap, gazap bilen topuldy,
çemeçiller demin alman garaşýar,
boldy, boldy, ýene adama boldy!