Gol gowşursaň
Basyp alan basyp aljak hemişe,
talanlar talajak goňşy-golamyn,
duzun iýsin, toýa, ýasa gatnaşsyn,
bile çeksin müň külpeti, parhy ýok,
sen onuň deňinde galmaly çöküp,
çöken bolsa batgalyga beýnisi,
ýüregi gutaryp basyp alýarka;
aýak ýetse, aşyp deňizden, dagdan,
gan içeniň gözi gandan doýmaýar,
aňsat-aňsat, bäri-bärde, eý, taňrym,
olar seni gul edinjek üç arka,
nirede göýdügiň depä çykaryp,
ters işiňi düzüw edip özüňe,
milletiňe garşy işleseň, dursaň,
sen gowusyň oňa gömükkäň, darkaň,
iki aýagyöy bir gonja salyp,
diňe şu gün ýa ertir däl, bakyýa,
azatlygyň, erkiň eliňden alyp,
indi dogjak çagalaryň okatjak,
egsik etjek, bilmez ýaly aslyny,
hemem diýjek adam etdim, çagasy
gul eýesi bolar ýaly geljekde,
basyp alan gepletjek däl hiç haçan,
gol gowşursaň, tankyn sürüp geljek-de.