Alynmadyk tejribe

Seniň üçin göreşeniň, öleniň,
ýa gutulyp, ýat illere geleniň,
gezmäge däl hezil edip, elbetde,
dowam etmek üçin işin, göreşin,
kimdigini, nämedigin bilmeseň,
islemeseň hatda eşitmek adyn,
adamçylyk, käte bolýar-a şeýle,
ýa eşitmän galsaň il-günüň dadyn,
bisowat, bigäne, biparh, ýaltanyp,
ýol uzak bor, ýaralaryň açylar,
hem köp bolar entek ýitirjek ganyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024