Kyrkdaky pyrk
Kyrkynda dolmasa akyl käsesi,
ýa bolmasa çyrşagy-da hormatyň,
sylagyň özüne, başgalara däl,
utuljak oýnunda oýnasa, bilse,
ömürboýy gülünjegin, düýrülse,
göni garamak däl özgäň ýüzüne,
adam bolan öz-özünden öwrülse,
gaçjak bolsa gaçman, ysgyny gaçyp,
ýa bireýýäm döwülendir öýünde,
çagalykda girip içine gorky,
ýa soň elden gaçyrandyr ol özün,
iň ilkinji dürre degende arka.