Çemeçiliň gorkusy
O taýda urulsaň çynyňy aýdyp,
bu taýda burulsaň çynyňy aýdyp,
urýan başga, burýan başga, bukulyp,
durýan başga, uly, kiçi, çemeçil,
peýdalanjak bolup gelse pursaty,
gowy adam bolan bolup oýnaýan,
ýöne bilip bolmaz, çykaýsa aty,
pikir etme, saňa rehim eder,
ilki bilen çykar kastyňa, belki,
sebäbi çyn sözden edýändir heder.