Işiň bilen bolsaň

Ýüz ýyl öňem şeýledi bu,
işiň bilen bolsaň diňe,
sözüň, özüň ýok ýalakdyr,
ýüzüň-gözüň gök dalakdyr,
urjak bolar eli ýeten,
iň bolmanda dili ýeten,
ýaralasa, göwni biter,
uly işi, maksatlary,
etsem-petsem, ýazsam-pozsam,
taşla beýläk, unut, diňle
ömründe bir hekaýa däl,
goşgyny-da soňuna çen
sabyr edip, okamadyk,
halyny däl, gyzyl gölli,
kilimi-de dokamadyk,
gykylyga gezek gelse,
iki paý däl, on, onbäş paý,
o gürlese, ýyldyzlar däl,
dymmaly bor gün bilen aý,
akyl berer, at dakar ýa,
aslyşjak bor görden çykyp,
ýüz ýyl öňem şeýledi bu,
ýene şeýle bolar, çakym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024