Denis Diderotdan alnan goşgy
Öwýän bolsa ýüzümize, gazanlap,
duzly, ýuwan, ýagly, ýagsyz, parhy ýok,
bar ýalany hasyr-husur, çeýnemän,
kaşyksyz iýmäge taýýar biz mydam,
emma çyny, açjak haly, ahwaly,
bir käse-de bolsa, owurtlap çala,
bulap urýas daşa zäher mysaly.