Aýdylman aýdylan sözler
Seniň ýurda geregiň ýok,
geregiň ýok hökümete,
ýigit ýa gyz, ýa ene bol,
zehinli bol ýa-da kütek,
oka ýa-da okama kän,
doka ýa-da dokama kän,
hünärli bol ýa hünärsiz,
dyza çöküp ýaşamasaň,
ýaşamasaň iki ýüzli,
bir diliňde dindar bolup,
bir diliňde bulgur ýalap,
para berip, hajy bolsaň,
ogra şärik, bajy bolsaň,
ýa-da daýy, ýegen egrä,
baş üstüne, ýurt seniňki,
emma diýme hiç meniňki,
ýaşa egip başyň aşak,
gaýgy-gamyň öýe daşap,
çözjek bolma hiç mesele,
em gözleme hiç kesele,
gelen wagty alsyn ajal,
hala ýaş bol, hala goja,
aglap, eňräp, derde galma,
diý gowusy gerek alla,
diýme oňa meni alma!