Gepçi
Sen ol hakda aýdylany, diýleni,
ýazylany hatda kagyz ýüzüne,
bolmasa ýeterlik, düýpli deliliň,
şaýatlaryň diýip boljak garaşsyz,
subutnama, talaby bu kanynyň,
gaýtalap ýörmersiň islendik gepi,
dymarsyň, derňärsiň açýançaň sepin,
ýok edilen delillere ýapyşyp,
garalajak bolman adamy, çünki,
töhmet agyr, şyltak agyr, gep agyr,
bilýärsiň ol näme edýär bigünä,
emma ol gep tapsa, ýa gybat tapsa,
ertä goýman aýdar çykyp tümmege,
delil näme, kanun näme, düşünmez,
begener bir pursat kemsitse birin,
buýsanar bir pursat ýaralap bilse,
bitjek ýaly öz ýarasy dermansyz,
bu adamyň derejesi, sen pese
näme etjek baryp, özünden beter,
bilýär, belki, düşmejegiň deňine,
ýa-da biraz aljak bolýar wagtyňy,
boýnuňa al, geçirmez ol öňüne,
garaltmakda öz-özüniň bagtyny.