Däp-dessur oýny
Atyň seniň hyzmat eder adamy,
aýagasty etmek üçin, etdirseň,
itiň seniň hyzmat eder milleti,
astyn-üstün etmek üçin, etdirseň,
hyzmat eder haly-kilim, alaja,
bogmak üçin ili alyp alkymdan,
däp-dessuryň diýip oýnarlar ili,
oýnatmasaň, gözi ýaşly halkyňdan,
ýurduňdan aýrylyp, bolarsyň gaçgak,
diýerler gözüňi süpür gyzgana,
iň esasy diliňi ýyg, akylyň,
artyk bolsa, göläňe ber, dogra-da,
saman bilen arzan uny goýaly,
paçagam ýok soňky ýyllar, bilýärsiň,
bu bir oýun, gülen bolar jemagat,
diýen bolup ikibaşdan ölýärsiň.