Zulum

Zulum özün halas etjek, gutarjak,
zorluk özün halas etjek, gutarjak,
uzaltjak ol gözel ömrün ýene-de,
ýalan bilen, talaň bilen, adaty,
gerek bolsa, töhmet bilen ýadadyp,
ýa aýdaly, kim durjakmyş sowulman,
ýük maşyny ýetip gelse düýdülläp,
ýeke, ýalňyz, dogany ýok, dosty ýok,
bolany-da gaçyp giden birçaklar,
sütemkärler halas etjek özlerin,
hem entejik saklanjaklar, durjaklar.

Egsik özün halas etjek, saklanjak,
aýagasty edip, daýanjak ile,
parhyna däl gyrylany, galany,
ýa-da sessiz alyp gidýän kagyza
dolap berseň iň sypatsyz ýalany,
belki, şeýdip ýaşamagy öwrenen,
gidýänini ýa-da gelýänin bilmän,
ogly ýa-da gyzy bolup döwrüniň...

Zulum özün halas etjek, gutarjak,
zorluk özün halas etjek, gutarjak,
näme eden bolsa edip ýene-de,
uzaltjak ol iň bolmanda ömrüni,
gerek bolsa galam berip ýazjaga,
ýa wezipe, iki günde azjaga,
ýarag berip, ýüreksiziň eline,
gowy näçe kän boldukça sowatsyz,
gowy näçe kän boldukça bimessep,
satlyk bolsa, geçen ýerne satylýan,
ýa-da gowy köp boldukça öýünde,
sessiz galyp, hiç tüpeňsiz atylýan.

Zulum edýär aladasyn özüniň,
aladasyn edýär oglunyň, ertir,
özi ölse, tutar ýaly yzyny,
ýerleşdirýär, gijä galman, wagtynda
ezilmesin, gowy ýerde gyzyny,
görüp otyr, synlap otyr jemagat,
barsaň, diýseň, jadylanan mysaly,
iki-ýeke gaýrat tapan pyşyrdap,
garaşaly diýýär, wagty däl häli,
il çydaýar aç galsa-da, doňsa-da,
çagalary okamasyn, bilmesin,
bilsin diňe ýol bermezler, bolany,
töhmet özün öwüp, magtap goýmaýar,
şeýtan ýaly, özüniňki alany.

Zulum özün halas etjek, gutarjak,
sebäbi men sessiz galjak, oturjak,
sebäbi sen sessiz galjak, oturjak,
sebäbi ol sessiz galjak, oturjak,
perwaýsyzy oýnap, oýnap bilýäni,
näme boljagyny öňünden, belki,
synanyşyp görmän hiç hili ilki,
ýa synanan bolsa, gülüp, ýaňsylap,
ýa-da diýip hany özüne kybap,
millet bolar azan hana mynasyp,
şonuň üçin ogly, gyzy zalymyň
geçip gitdi meniň ýüzümden ýöräp,
geçip gider seniň ýüzüňden ýöräp,
geçip barýar onuň ýüzünden ýöräp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024