Ýapyk ýurtdaky ýagdaý
Açyk bolmak gowy zat däl,
ýapyklaryň arasynda,
içi bir zat, daşy bir zat,
syrly bolsa pikirdeşiň,
arly bolsa daş-töwerek,
öçli bolsa tanşlaryň,
nätanyşlar, gepe gidip,
üç adam däl, iki adam
birleşmese eýdip, beýdip,
kine saklap bir-birinden,
aňry gitse öýkesinde,
dil tapmakdan geçen, walla,
töhmet atsa diýip alla,
namaz okap, agyz bekläp,
asjak bolsa dardan sallap,
ýüpli, ýüpsüz, arzuw edip,
açyk bolma, ýapyl biraz,
çekil biraz yza, daşa,
tutaşdyrlyk bolma kimsäň
tamdyryna, aç-da bolsa,
ody bolma kül etjegiň,
sowurjagyň ýele soňra,
açyk bolma ýapyk ýurtda,
içeňde-de bolma ýaňra.