Topar betbagtçylygy
Topar tutar göýdük adam,
hüjüm eder gorkusyndan,
toparyna diräp arka,
ýeke özi tapmaz gaýrat,
çykmaga ýa gürleşmäge,
gybat eder işe derek,
adam bolar bar gürrüňi
waka bolmaz, bolmaz pikir,
gömjek bolar pikirlini,
näme etdi ili çöňňe,
diýer men päk, a ol töňňe,
çüýrik diýer, diýer nadan,
bolan bolup aran, ýadan,
süri bolar mahluk mydam,
ýeke çyksam, möçek iýer,
gaýgy edýän ilim diýer,
gara gorky güýler erkin,
mertebesin, duşaklydyr,
bukular ol mydam başga,
ýany oglan-uşaklydyr,
galkan boljak, atylsa ok,
topar tutar göýdük bende,
topary ýok, özi-de ýok.