Egin meselesi

Sen maňa egin ber doganym bolsaň,
arkaňy ber ýaplanmaga, durmaga,
ýaralanyp, gan ýitiren pursatym,
howlukma-da içden, daşdan urmaga,
dilde bir zat, ýüregiňde başgasy,
garyndaş ýa garyndaşym bolmasaň,
tiredeşim, tiredeş däl, ykbaly,
mazarlary bir toprakda jaý tapan,
adam bolsaň, kim bolsa-da milletiň,
dogry bolsa, dogry diýip sözüme,
şyltak atma, garap bilmän gözüme,
galdyrmadyk ýüküm göteriş bolsa,
bolmasa aslyşma, betniýet, gara
ýürek bilen çykma öýüňden günde,
düwün salmak üçin ýürege, bagra,
sen maňa egin ber doganym bolsaň,
doganlyk işini edýärkäm ýeke,
garam ýokjak ýaly, durma-da çeke,
gülki bolma ile, döşüňe kakyp,
öňde birniň alajasy mysaly,
özüňi her zadyň şahyna dakyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024