Armanyň armany

Bagtyň ýatsa, näme bolmaz,
doglan ýerin saýlaýan ýok,
öňi sowet, soňy sowet,
bagty çuňňul, boýlaýan ýok,
satylmagam bolup biler,
atylmagam bolup biler,
asylmagam bolup biler,
bolup biler çapylmagam
ýakylmagam haýal otda,
bolsa eger, aýdylşy dek,
maňlaýyňda ýa kysmatda,
günäli bol ýa bigünä,
kime wepa berdi dünýä,
ýöne atjak ýa-da asjak,
ýa otlajak hezil edip,
taslan bolup kanun, kada,
arman bolsa bagty ýatan,
ýüregi ýok, iki satan,
arasynda zady diňe,
hemem adam ady diňe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024